- çeper
- 1) Öz işine ökde, bir işi nepis ýerine ýetirýän, ussat.∙ Her hili çeper adamlar bar. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)∙ Lap etdigiň däldir, bir ajap ýerdir, obamyzyň gelin-gyzy çeperdir. («Sowet edebiýaty» žurnaly)2) Ökdelik bilen edilen, ussatlyk bilen gowy edilen, örän oňat, nepis.∙ Çeper edilen iş çeper salnan nagyş.3) Sungat işine degişli bolan.4) Hakykaty obrazly beýan edýän, obrazly, täsirli.∙ Ol çeper edebiýat kitaplary-da okamagy söýýän adamdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)∙ Çeper sözleri çöpläp, näzik saýraýar dilim. (N. Pomma, Saýlanan eserler)∙ Aýratyn hem şahyrçylyk talantyna eýe bolan käbir eneler köp sanly çeper hüwdüler döredipdirler. («Edebiýat»)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.